Iman Hazynasy


1.1 توسط Turkmen Soft
16/08/2021

درباره‌ی Iman Hazynasy

Türkmen dilinde kitaplar ýygyndysy

delemde iň beýik hakykat imandyr، imandan sоňra namazdyr!

Ynsan köşk mysaly binadyr. Onuň binýady imanyň sütünleridir. Ynsan daragtdyr. Köki hem imanyň esaslarydyr. Imanyň sütünlerinden iň möhümi imany-billahdyr (Alla iman getirmek) ، Alla imandyr. Soňra pygamberlere we haşyra (täzeden direlişe) ynanmakdyr. Şol sebäpli hem، ynsanyň birinji nobatda öwrenmeli ylmy iman ylmydyr. Ylymlaryň esasy، ylymlaryň şasy we patyşasy iman ylmydyr.

Iman diňe gysgaça tassyk etmekden ybarat däldir. Imanyň köp mertebeleri bardyr. «Öýkünme görnüşindäki iman» şu döwrüň hudaýsyzlyk we azgynlyk tupanynyň badyna derrew sönmek bilen bolýar. Hakyky iman bоlsa، asla sönýän däldir، ol mizemez güýçdür. Hakyky imana ýeten adamyň imanyna we yslamyýetine iň elhenç dinsizlik harasaty musallat bolsa، şol harasatlaryň bu hakyky iman güýjüne edip biljek zady bolmaz، onuň öňünde dyz çökmäge mejbur bolar. Hawa، hakyky imana ýeten kimsäni aňrybaş dinsiz pelsepeçiler hem dowla، şübhä düşürip bilmez.

Eý ynsanlar، beýik Türkmen döwletiniň her bir ýaşaýjysynyň ölmänkä hökmany okamaly kitaplaryny size hödürleýärin. Hatda bu kitaplar iň gyssag okamaly kitaplaryňyz. Özüňiz okaň، pursat barka ene-ataňyza، çagalaryňyza we doganlaryňyza-da okadyň. Mugallymyň Bellikleri 1،2،3؛ Hz.Muhammet 1،2 ؛ Her güne bir Hekaýa؛ Sahabalar، Saýlanan dogalar kitaplary arkaly ullakan hazynanyň gapysyny açarsyňyz.

Hiçbir Türkmene zorlap hem Alla ýok diýdirip bolmaýar. Emma ahyrýetde täzeden direliş meselesinde herkimiň kellesinde sorag belgisi bar. Ahyrýetde täzeden direliş، Allaň barlygy ýaly meseleleri akyl ýoly bilen düşündirýän bu kitaplar، enşalla siziň şeýle soraglaryňyza jogap bolar. Öwrenen zatlarymy kz kowmuma düşündirmegi özüme borç hasaplaýaryn. 15 ýyl bäri şu kitaplary size ýetirmegiň arzuwyny edip gelýärdim. Hudaýa ýüz müň şükür ahyry şol arzuwym amala aşdy.

Şany belent Kuranyň hormatyna، pygamberjanymyz Hz.Muhammet (saw) -iň hormatyna، gadym ilimde öten ähli pirleriň، welileriň hormatyna، Ylahym şu kitaby okan herbir adamyň kalbyny iman hakykatyna öwürs.

Eziz Allamdan dilegim iman nury، hakykat güneşi şeýle eý görýän halkymyň ýüreginde mäkäm ornasyn. Hiç aýrylmasyn، sönmesin! اللهم ممن.

جدیدترین چیست در نسخه‌ی 1.1

Last updated on 12/01/2022
- Some minor bugs fixed
- Icon changed
- Two more books added

اطلاعات تکمیلی برنامه

آخرین نسخه

1.1

بارگذاری شده توسط

Nachi Mario

نیاز به اندروید

Android 7.0+

در دسترس در

گزارش

گزارش محتوای نامناسب

نمایش بیشتر

جایگزین Iman Hazynasy

از Turkmen Soft بیشتر دریافت کنید

کشف کنید